Türkmenistan, Gazagystan Bakudan üstaşyr 680 müň tonnadan gowrak nebit geçirdi

BT
Türkmenistan, Gazagystan Bakudan üstaşyr 680 müň tonnadan gowrak nebit geçirdi
Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi arkaly nebit daşalýar.

Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi arkaly 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystan möçberi 686,4 müň tonna barabar bolan nebiti geçirdi.

Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Report.az” neşiriniň habar bermegine görä, bu görkeziji degişli nebit geçirijisi boýunça umumy daşalan möçberiň 16,9 göterimini düzýär.

Umuman hasabat döwründe Baku–Tbilisi–Jeýhan turba geçirijisi arkaly 4 million 055,1 müň tonna nebit daşaldy.

Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi 1768 kilometr aralyga uzaýar. Ol Hazar deňzinden çykarylýan çig nebiti Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan başlap, Gruziýanyň üsti bilen Türkiýäniň Ortaýer deňzindäki Jeýhan portuna ýetirýär.

2022
ENG TM РУС