“Elin” kompaniýasy ýakynda şokoladly çig gaýmagyň önümçiligini ýola goýdy

BT
“Elin” kompaniýasy ýakynda şokoladly çig gaýmagyň önümçiligini ýola goýdy
“Elin” hususy kärhanasy TSTB-niň 18 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen sergide, 2026-njy ýylyň 17-nji marty, Türkmenistan (Surat: BT)

“Elin” hususy kärhanasy ýakynda şokoladly çig gaýmagyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada kärhananyň hünärmeni TSTB-niň 18 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen serginiň çäklerinde sişenbe güni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.

Kärhananyň hünärmeniniň aýtmagyna görä, bu önüm bir görnüşde we ölçegde öndürilip, eýýäm içerki bazaryň söwda nokatlarynda satuwa çykaryldy.

Kärhanada “Elin” haryt nyşanly ýokary hilli süýt hem-de süýt önümleri öndürilip, peýniriň, mesge ýagynyň, gatykdyr gaýmagyň täze görnüşleri alyjylara ýetirilýär.

“Geçen ýyldan bäri “Taurus” haryt nyşanly şöhlatlary öndürip başladyk. Häzirki wagtda şöhlat önümleriniň jemi 20-den gowrak görnüşini — “Adalat”, “Mergen”, “Aşgabat”, “Dagbaşy”, “Daýhan”, “Gülzar”, “Daşrabat”, “Moss” ýaly şöhlatlary öndürýäris. Et önümleriniň hatarynda basturma, gowurdak, towuk we sygyr etlerinden kaklamalar, towuk dolamalary ýaly önümlerimize-de isleg artýar” diýip, kärhananyň hünärmeni belledi.

Kärhananyň hünärmenleri dünýä ýurtlaryndaky önümçilik täzeçillikleri bilen yzygiderli tanşyp durýarlar we dürli tagamlary synagdan geçirip, isleg döretjek täze önümleri öndürmegi ýola goýmaga çalyşýarlar.

2022
ENG TM РУС