Türkmenistanda tebigy gazy onlaýn tölemek üçin täze mobil goşundysy döredildi

BT
Türkmenistanda tebigy gazy onlaýn tölemek üçin täze mobil goşundysy döredildi
Ulanyjy “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň portalynyň hyzmatlary bilen tanyşýar. (Surat: BT)

Türkmenistanda sarp edilen tebigy gazy sanly tölegiň üsti bilen tölemek üçin “Milli ÝJH” mobil goşundysy taýýarlanyldy. Bu barada sişenbe güni çap edilen “Nebit-Gaz” gazetinde habar berilýär.

“Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň merkezi edara binasynda “Ynamly Belentlik” hojalyk jemgyýeti tarapyndan “Hasaplaşyk merkezi” ulgamy döredilip, “Aşgabatgaz”, “Arkadagşähergaz” we welaýat gaz üpjünçilik müdirlikleriniň merkezlerinde internet toruna birikdirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň çägindäki tebigy gazy sarp edýän müşderiler “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň web sahypasy arkaly hem-de “Milli ÝJH” mobil goşundysy arkaly sarp edilen tebigy gazyň töleglerini töläp bilerler.

“Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň portalynda gaz hasaplaýjy enjamy gurnamak işi, dürli gaz enjamlaryny abatlamak we tehniki taýdan hyzmat etmek, gaz geçirijileri we dürli enjamlary tehniki barlagdan geçirmek üçin hünärmeni çagyrmak ýaly birnäçe hyzmatlar hem elýeterlidir.

2022
ENG TM РУС