“Eni” kompaniýasynyň Türkmenistandaky gaz önümçiligi 22 milliard kub futa ýetdi

BT
“Eni” kompaniýasynyň Türkmenistandaky gaz önümçiligi 22 milliard kub futa ýetdi
Eni kompaniýasynyň nebit burawlaýyjy gämisi, Angola (Surat: Eni)

Italiýanyň “Eni” kompaniýasynyň 2025-nji ýylda Türkmenistanda gazyp alan tebigy gazynyň möçberi 22 milliard kub futa (≈623 million kub metr) ýetdi. 2024-nji ýylda kompaniýanyň bu görkezijisi 3 milliard kub futa (≈85 million kub metr) deň boldy. Bu barada Italiýanyň Eni nebit-gaz kompaniýasynyň 2025-nji ýyl boýunça ýyllyk hasabatynda habar berilýär.

Ýyllyk hasabata görä, nebitiň gazylyp alnyşy 2 million barrele deň boldy, şol bir wagtyň özünde uglewodorodlaryň umumy gazylyp alnyş möçberi 3 milliondan 5 million barrele çenli (nebit ekwiwalentinde) artdy.

Kompaniýanyň hasabatyna laýyklykda, gazyň ortaça gündelik gazylyp alnyşy takmynan on esse artyp, her gün 61,5 million kub futa (≈1,74 million kub metr) ýetdi. Bu görkeziji 2024-nji ýylda 6,6 million kub futa (≈0,19 million kub metr) barabar boldy.

Şeýle hem 2025-nji ýylda uglewodorodlaryň umumy gazylyp alnyşy her gün 14 müň barrel nebit ekwiwalentine deň boldy. 2024-nji ýylda bolsa her gün nebit ekwiwalentinde 7 müň barrel uglewodorodlar gazylyp alyndy.

Ýurtda amala aşyrylýan işleriň çäginde esasy üns dokuz sany dykyzlandyryjy we çetki guýularyň burawlanyşyna gönükdirildi. Mundan başga-da, suwy gatlaga goýbermek üçin bäş sany guýy gaýtadan enjamlaşdyryldy. Bu bolsa ýataklarda basyşy saklamaga we uglewodorodlaryň gazylyp alynşyny artdyrmaga giň mümkinçilik berýär.
 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022