TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $307 milliona golaýlady

BT
TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $307 milliona golaýlady
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt walýutasynda geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 306 million 867 müň 050 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Özbegistanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny, Owganystanyň we BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen “A-92” kysymly ulag benzinini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Gruziýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni, Singapuryň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi, Azerbeýjanyň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügi satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýerli işewürler “Türkmennebit”döwlet konserninde öndürilen “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Geleşikleriň jemi bahasy 120 million manada deň boldy.

TDHÇMB-niň penşenbe güni geçiren söwdalarynda jemi 11 sany geleşik baglaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022