Türkmenistanyň — Hytaý gaz geçirijisiniň 2009-njy ýylda işe girizilen döwründen başlap, 2026-njy ýylyň 1-nji martyna çenli iberilen türkmen tebigy gazynyň umumy möçberi 460 milliard kub metre ýetdi. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin anna güni Aşgabatda geçirilen metbugat brifinginde habar berdi.
“Energetika hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Hytaý köp ýyllaryň dowamynda türkmen tebigy gazynyň iň iri import edijisi hem-de ýurduň öňdebaryjy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar” diýip, hytaý ilçisi belledi.
Ilçiniň aýtmagyna görä, şu ýyl iki ýurduň arasynda gaz pudagynda giň gerimli hyzmatdaşlygyň başlanmagyna 20 ýyl dolýar. “Galkynyş” gaz käniniň mundan beýläk hem özleşdirilmegi hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar we Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy täze tapgyr boýunça tenderiň ýeňijisi boldy.
Metbugat brifinginiň dowamynda Szi Şumin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Hytaýa amala aşyran saparynyň hyzmatdaşlygyň ösüşine täze itergi berendigini we ýokary derejedäki gepleşikleriň taraplara strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we amaly gatnaşyklary giňeltmek boýunça ylalaşyklary gazanmaga giň mümkinçilik döredendigini belledi.
“Türkmen–hytaý gatnaşyklary durnukly ösüş depginini görkezýär. Taraplar syýasy ynamy yzygiderli berkitmek bilen birlikde, diňe bir energetika däl, eýsem söwda, ulag, oba hojalygy, senagat, innowasiýalar hem-de “ýaşyl” energetika ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler” diýip, ilçi aýtdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň A, B we C şahamçalary boýunça her ýyl Hytaýa takmynan 40 milliard kub metr türkmen tebigy gazy eksport edilýär. D şahamçasy doly işe girizilenden soň bu möçberi 65 milliard kub metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa türkmen tebigy gazynyň iberilişiniň durnuklylygyny ösdürer.
Mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konsernine “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

















