Mart soňky hepde: TDHÇMB-da $350,7 millionlyk geleşik baglaşyldy

BT
Mart soňky hepde: TDHÇMB-da $350,7 millionlyk geleşik baglaşyldy
Nebit önümleriniň daşalýan pursady

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt walýutasyna jemi bahasy 350 million 748 müň 700 ABŞ dollaryndan gowrak bolan geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Singapurdan we Azerbaýjandan gelen telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen nebit önümlerini, polipropileni, awtobenzini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” markaly karbamidi satyn aldylar.

Şeýle-de türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri, lukmançylyk serişdeleri we ýokary hilli bugdaý uny satyldy.

Mundan başga-da, türkmen telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 269 million 30 müň manatlyk bolan nebit önümlerini, polipropileni we ýokary hilli bugdaý ununy satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 53 sany geleşik hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022