Gruziýanyň “Black Sea Petroleum” (BSP) nebiti gaýtadan işleýän zawody Türkmenistandan we Gazagystandan getirilýän nebiti gaýtadan işläp başlar.
“Business Media Georgia” agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, kompaniýanyň baş direktory Dawid Poshweriýa türkmen çig malynyň üpjünçiligi boýunça ylalaşyklaryň gazanylandygyny we ýakyn aýlarda bu ugurda işleriň başlanjakdygyny aýtdy.
Dawid Poshweriýa häzirki wagtda Azerbaýjandan üstaşyr yzygiderli nebitiň daşalmagy boýunça logistika meseleleriniň hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny nygtady.
“Black Sea Petroleum” (BSP) — Gruziýanyň Gara deňziniň kenaryndaky Kulewi şäherinde ýerleşýän ilkinji doly göwrümli nebiti gaýtadan işleýän zawodydyr. Häzirki wagtda kärhana ýylda 1,2 million tonna çenli nebiti gaýtadan işläp, nafta, mazut we dizel ýangyjynyň komponentlerini öndürýär.

















