Türkmenistan bilen Ýaponiýa suwuklandyrylan gazdan geliýniň önümçiligini ýola goýmagy maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Ýaponiýa suwuklandyrylan gazdan geliýniň önümçiligini ýola goýmagy maslahatlaşdy
Atadurdy Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koinuma bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 1-nji apreli, Ýaponiýa

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koinuma hem-de bu assosiasiýa bilen bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda suwuklandyrylan gazdan geliý gazynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça Ýaponiýanyň Çubu uniwersitetiniň professorynyň teklip eden taslamasynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň penşenbe güni habar bermegine görä, taraplar Ýaponiýanyň Çubu uniwersitetiniň professory tarapyndan teklip edilen tebigy gazy suwuklandyrylan gaza öwrüp dünýä bazarlaryna çykarmak taslamasynyň mümkinçiliklerine hem garadylar.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ozaldan ýola goýlan ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, şeýle hem bu ugurda türkmen bazaryna mümkin bolan täze ýapon kompaniýalaryny we guramalaryny tanyşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň bilim ulgamynda adam maýasyny ösdürmekde Ýaponiýanyň “Asia Seed” guramasynyň hödürleýän hyzmatlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022