Özbegistanda 15 sany türkmen kompaniýasy ulag pudagynda iş alyp barýar

BT
Özbegistanda 15 sany türkmen kompaniýasy ulag pudagynda iş alyp barýar
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly sergi, 2023-nji ýylyň 3-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Özbegistanyň ulag we ammarda haryt saklamak pudagynda şu ýylyň 1-nji marty ýagdaýyna görä türkmen maýasynyň gatnaşmagynda 15 sany kärhana hereket edýär.

Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň penşenbe güni habar bermegine görä, umuman alanda ýurduň bu pudagynda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda 585 kompaniýa iş alyp barýar.

Häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda iş alyp barýan kärhanalaryň umumy sany 200-e ýetýär. Olaryň hataryna örtgi plitalaryny öndürýän kärhanalar, dokma, mebel kärhanasy we hyzmatlar ugurlarynda işleýän kompaniýalar girýär.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–fewral aýlarynda 149,5 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС