Türkmenistanyň Prezidenti: ýakyn günlerde “Galkynyş” käniniň dördünji tapgyryna badalga berler

BT
Türkmenistanyň Prezidenti: ýakyn günlerde “Galkynyş” käniniň dördünji tapgyryna badalga berler
“Galkynyş” gaz käni, Mary welaýaty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda ýakyn günlerde möhüm ähmiýetli taryhy taslamanyň — “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryna badalga beriljekdigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Biz geljekde hem ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek, döwrebap desgalary gurmak, täze önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli dowam etdireris. Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz çykyşynda nygtady.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guruljak täze şäherçe 800 gektardan gowrak meýdany öz içine alar. Ýolöten etrabyndaky täze şäherçede jemi 22 müň 500-den gowrak ilata niýetlenen 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýy bina ediler. Bu jaýlarda adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şertler dörediler. Şeýle hem bu ýerde Geňeşiň edara binasy, orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýi, metjit gurlup ulanmaga berler.

Şeýle hem dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi, Mary welaýatynyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti körpeleriň haýyşy boýunça täze desganyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi. Soňra Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze şäherçäniň binýadyna atdy. Serdar Berdimuhamedow döwrebap şäherçäniň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy hem-de türkmen halkynyň asylly däbine eýerip, bu beýik başlangyja ak pata berdi.

Şol gün täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli toý sadakasy berildi.

2022