CNPC-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentini hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy bilen gutlady

BT
CNPC-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentini hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy bilen gutlady
“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2018” atly ХХIII halkara maslahat we sergi, 2018-nji ýylyň 20-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Hytaý Halk Respublikasynyň nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC International Ltd) Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Du Ýuýmin Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Bu barada anna güni “Zaman” gazeti habar berdi.

Gutlag hatda geçen ýigrimi ýylyň dowamynda taraplaryň özara gatnaşyklarynyň ynanyşmak, deňhukuklylyk we uzak möhletleýin geljek ýörelgelerine esaslanýan, özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň nusgasyna öwrülendigi bellenilýär.

CNPC-i kompaniýasy dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmäge gatnaşmagynyň Türkmenistanyň energetika mümkinçiliklerini ösdürmekde möhüm tapgyra we ýurtlaryň arasyndaky ýokary derejeli ynamyň nyşanyna öwrülendigini nygtady.
Sözüniň ahyrynda CNPC-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk we döwlet işlerinde üstünlikler, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de täze ösüşler arzuw etdi.

Türkmen — Hytaý gaz geçirijisiniň 2009-njy ýylda işe girizilen döwründen başlap, 2026-njy ýylyň 1-nji martyna çenli iberilen türkmen tebigy gazynyň umumy möçberi 460 milliard kub metre ýetdi.

Mundan ozal, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn günlerde möhüm ähmiýetli taryhy taslamanyň — “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryna badalga beriljekdigini mälim edipdi.

2022
ENG TM РУС