Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýada BMG-niň we UNIDO-nyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýada BMG-niň we UNIDO-nyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rabab Fatimanyň arasynda geçirilen duşuşyk, Wena, Awstriýa

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima bilen aýratynlykda duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

UNIDO-nyň Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşyk:

Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Arkadag “akylly” şäheriniň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde tehniki hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

UNIDO-nyň Baş direktory Arkadag şäheriniň çäklerinde lukmançylyk klasteriniň döredilmeginiň saglygy goraýyş ulgamyna ýokary tehnologiýalaryň we senagat mümkinçilikleriniň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belläp, bu giň möçberli taslamanyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň lukmançylyk ulgamyndaky köp ýyllyk ägirt uly tejribesine daýanýandygyny nygtady.

Şeýle hem söhbetdeşler howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow “ýaşyl” senagat geçişi we howanyň üýtgemegine garşy hereketler ulgamynda Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasynda hyzmatdaşlygyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Ýol kartasyny işläp düzmek we durmuşa geçirmek mümkinçiligine seretmäge ýurdumyzyň taýýardygyny tassyklady.

BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima bilen duşuşyk:

Rabab Fatima Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda öňe süren möhüm başlangyçlarynyň BMG-niň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rabab Fatimany mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýakyn Gündogardaky ýagdaý we onuň Hazar sebitine ýaýramak howplary baradaky garaýşyny beýan etdi.

2022