Türkmenistanda Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

BT
Türkmenistanda Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener
Awtomobil ýolunyň gurluşygy

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşik alty sany lotlar boýunça geçirilýär we awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek boýunça işler dört bölekden ybarat bolup durýar.

Şeýle hem göz öňünde tutulýan işleriň çäklerinde ýoluň ugrunda täze awtomobil köprüsi gurlar we bar bolan dokuz sany awtomobil köprüsi abatlanylar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän talaplaryň degişli reminamalary we teklipleri halkara açyk bäsleşik çap edilen gününden 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС