Türkmenistanyň Prezidenti howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmegi teklip etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmegi teklip etdi
Sebitleýin ekologiýa sammiti RES 2026, 2026-njy ýylyň 22-nji apreli, Astana, Gazagystan (Surat: akorda.kz)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Astanada geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde çykyş edip, Türkmenistanyň howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu işde sebitiň taryhy däplerini, milli aňyýetini we garaýyşlaryny, tebigata, suwa, topraga, haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek baradaky köpasyrlyk tejribelerini göz öňünde tutmagyň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Astanadaky Kongresler merkezinde “Durnukly geljek barada umumy garaýyş” mowzugy astynda geçirilýän ekosammitde eden çykyşynda häzirki forumda ilkinji gezek Türkmenistanyň ýokary döwlet derejesinde giňişleýin ekologiýa gün tertibini ara alyp maslahatlaşýandyklaryna ünsi çekip, munuň oňa gatnaşýan döwletleriň ählisiniň daşky gurşawy goramagyň, howanyň üýtgemeginiň hem-de onuň bilen bagly durmuş adalatlylygy ýaly möhüm meseleleri çözmekde has netijeli, ulgamlaýyn we geljegi uly çemeleşmelere geçmäge taýýardyklaryny görkezýändigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany häzirki wagtda hemmeleriň wajyp ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdyp, howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň azalmagy, ýerleriň zaýalanmagy, çölleşme hadysasynyň çaltlaşmagy, biodürlülige zeper ýetmegi, ýaşamak üçin amatsyz ýerlerde migrasiýa hadysasynyň ösmegini şolara mysal hökmünde görkezdi.

“Şeýle şertlerde ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmak, olaryň halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar” diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aral deňzi meselesiniň hem wajyp mowzuklaryň biri bolmagynda galýandygyny belläp, çarşenbe güni geçiriljek Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Araly halas etmäge gönükdirilen bilelikdäki işler boýunça zerur çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС