Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow çarşenbe güni Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar iki ýurduň möhüm serişde mümkinçilikleriniň pudakda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem taraplar Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň bilelikdäki taslamalary utgaşdyrmak we öňe ilerletmek boýunça esasy mehanizm bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.
Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek hem-de amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meýlini tassykladylar.

















