Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky “Garagum” maldarçylyk hojalygynda dowarlaryň 26 müňden gowragy bolup, olardan 22 müňe golaý owlak-guzy alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Garagumuň Ajyguýy, Akmolla, Mürze, Damla ýaly öri meýdanlaryndaky ähli sürülerde saýlama-seçim işleri utgaşykly geçirildi.
Ösdürime goýberilen ýaş mallar tejribeli çopanlara berkidirilip, her birinde owlak-guzularyň 500-si bolan ençeme täze tokly sürüleri döredildi.
Geçen ýylyň maý aýynyň başynda Türkmenistanda idedilýän goýun-geçileriň sany 6,4 million başa ýetipdi.

















