Hytaýyň “Puyang Shengyuan Petrochemical Group” kompaniýasy Türkmenistanda takmynan 9 milliard ABŞ dollaryna deň bolan maýa goýumlary (girdeji salgydyny hasaba almadan) bilen tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemek taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Bu başlangyç kompaniýanyň prezidenti Wan Siçen tarapyndan Aşgabatda geçirilen türkmen-hytaý işewürlik forumynda hödürlenildi.
“nCa” agentliginiň anna güni habar bermegine görä, taslama tebigy gazy çuň gaýtadan işlemegi göz öňünde tutýar we üç önümçilik zynjyrynyň — himiýa senagaty, oba hojalygy hem-de energetika ugurlarynyň döredilmegini öz içine alýar. Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi bilen çig mal serişdeleriniň goşmaça gymmatynyň ýokarlandyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de logistika, hyzmatlar we maşyn gurluşygy ýaly baglanyşykly pudaklaryň ösüşini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýlip garaşylýar.
Wan Siçen ýylda 1,8 million tonna kuwwata eýe bolan metanol önümçiligine, soňra bolsa ýokary dykyzlykly polietilen we polipropilen önümçiligine aýratyn üns beriljekdigini aýtdy we bu ugur boýunça inženerçilik çykdajylaryň 6,3 milliard ABŞ dollaryna barabardygyny mälim etdi.
“Ikinji önümçilik zynjyry oba hojalyk pudagy üçin önümleri öndürmäge gönükdirilip, ýylda 1 million tonna çenli sintetiki ammiak we 1,8 million tonna karbamid öndürmek meýilleşdirilýär. Taslamanyň bu böleginiň inženerçilik çykdajylary 600 million ABŞ dollaryna deňdir” diýip, “Puyang Shengyuan Petrochemical Group” kompaniýasynyň prezidenti aýtdy.
Kompaniýanyň prezidenti üçünji ugruň ýokary goşmaça gymmatly nebit önümleriniň öndürilmegini öz içine alýandygyny we taslamanyň çäginde ýylda takmynan 320 müň tonna nafta, 620 müň tonna dizel ýangyjy we 60 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürmegiň, şeýle hem toplumyň içerki zerurlyklary üçin wodorod we gury gaz öndürmegiň meýilleşdirilýändigini mälim etdi. Bu ugur boýunça inženerçilik çykdajylary 1,1 milliard ABŞ dollaryna barabar bolar.
Wan Siçen taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň tebigy gaz gorlarynyň möhüm bölegini durnukly ykdysady we senagat ösüşine öwürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

















