Türkmenistan we Pakistan göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

BT
Türkmenistan we Pakistan göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler
Türkmenistan awiakompaniýasynyň uçary (Surat: "JetPhotos")

Türkmenistan bilen Pakistan iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu meselä çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Legariniň arasynda geçirilen duşuşykda garaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny ilerletmegiň möhümdigini nygtadylar. Bu barada Pakistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň çäginden geçmek arkaly Pakistany Merkezi Aziýa döwletleri bilen baglanyşdyrýan awtomobil we demir ýol ugurlaryny döretmegiň mümkinçilikleri, şeýle-de Türkmenistan we Eýran arkaly geçýän demir ýol geçelgelerini ulanmak bilen söwdany giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de taraplar Pakistana meýilleşdirilýän ýokary derejeli saparyň öňüsyrasynda söwda ylalaşyklaryny taýýarlamak işini ýakyndan utgaşdyrmak barada ylalaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Batyr Annaýew bilen Farýal Legari gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС