Türkmen telekeçileri 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde Karen Demirçýan adyndaky Sport we konsert toplumynyň çäginde geçiriljek 25-nji halkara “ARMENIA EXPO 2026” sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
“LOGOS EXPO Center” tarapyndan guralýan bu sergi her ýyl dürli ýurtlardan öndürijileri, üpjün edijileri, maýadarlary we distribýutorlary bir ýere jemläp, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Çäre gurluşyk we senagatdan başlap, lukmançylyk, bilim, tehnologiýalar we sarp ediş harytlaryna çenli köp sanly ugurlary öz içine alýar.
Forum sebitdäki iň iri işewürlik meýdançalarynyň biri bolup, täze bazarlara çykmak, halkara işewür gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlary we maýadarlary tapmak, önümleri ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.

















