Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Resminama 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurtda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup kabul edildi.
Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimliklerine 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli urşa gatnaşyjylaryň gahrymançylygyna ýokary hormat hökmünde ýurdyň ähli künjeklerinde bu sene bilen bagly medeni we jemgyýetçilik dabaralary geçiriler.

















