Türkmenistandaky SNGIZ-iň wodorod gazyny arassalaýan, konsentrasiýany ýokarlandyrýan toplumyny gurmak meýilleşdirilýär

BT
Türkmenistandaky SNGIZ-iň wodorod gazyny arassalaýan, konsentrasiýany ýokarlandyrýan toplumyny gurmak meýilleşdirilýär
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Balkan welaýaty, Türkmenistan

“Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” çäklerinde şu ýyl Lebap welaýatyndaky “Türkmennebit” döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň wodorod gazyny arassalaýan we konsentrasiýany ýokarlandyrýan toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 145 müň 920 kub metr suwa deň bolan suw üpjünçilik we kanalizasiýa sehiniň howdandan suw alýan sorujylar bekediniň gurluşygy dowam etdiriler.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Türkmenistanda nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň dörtden birinden gowragyny öndürýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) düzümine girýär.

Lebap welaýatynyň ykdysadyýetiniň ösüşinde esasy orny dürli görnüşli gazylyp alynýan magdanlaryň baý gorlarynyň esasynda kuwwatlyklary artýan senagat pudagy eýeleýär. Senagat önümçiliginiň umumy möçberiniň aglaba bölegi gazylyp alynýan çig mallar we gaýtadan işleýän senagat önümçiliklerine degişlidir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022