2026: Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalary dolanyşyga giriziler

BT
2026: Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalary dolanyşyga giriziler
Elektrik stansiýanyň gaz turbinalary

Lebap welaýatynda şu ýyl kuwwaty 200 MWt deň bolan Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga girizmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl Lebap welaýatynyň energetika kärhanalarynda 4 milliard 300 million kWt/s möçberde elektrik energiýasynyň öndürilişi meýilleşdirilýär.

Lebap welaýatyň gurluşyk pudagynda hem şu ýyl ýokary ösüşlere garaşylýar we Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy bir million tonna deň bolan sement öndürýän Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi 2026-njy ýylda welaýatda sementiň öndürilişini 1 million 860 müň tonna çenli ýetirmäge mümkinçilik döreder.

Mundan başga-da, welaýatyň Döwletli etrabynyň Dostluk şäherçesinde 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metre deň bolan gipsokarton önümlerini öndürýän zawod gurlup ulanmaga berler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022