Şu ýyl Lebap welaýat “Dökünhimiýa” müdirligi üçin Halaç etrabynda 10 müň tonna hem-de Saýat etrabynda 12 müň tonna mineral dökünlerini saklamaga niýetlenen ammarlar gurlar we ulanmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, himiýa senagaty pudagynyň kärhanalarynyň ösmegi hereket edýän kuwwatlyklary giňeltmegiň hem-de täze önümçilik desgalaryny döretmegiň hasabyna amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde ýylda 350 müň tonna superfosfat, 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürmäge niýetlenen toplumyň gurluşyk işleri dowam edýär. Ornaşdyrylýan täze innowasion tehnologiýalardyr enjamlar mineral dökünleriniň içerki bazar hem-de eksport üçin öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berer diýlip, habarda bellenilýär.
Mundan ozal Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň mineral dökünleri öndürýän täze toplumyna “Senagat 4.0” konsepsiýasy ornaşdyrylyp, himiki reaksiýalar emeli aň (EA) tarapyndan dolandyryljakdygy barada habar berlipdi.

















