Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze “Kenar” sorujy bekedi we öndürijiligi bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desga gurlar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde bu resminama gol çekdi.
Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine TNGIZ üçin täze “Kenar” sorujy bekediniň we öndürijiligi bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desganyň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada “Nur Mimar” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümçilik desgalarynyň arassalanan suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap desgalary gurmagy dowam etdirmek maksady bilen kabul edildi.
Şeýle hem gurluşyk işlerine 2026-njy ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de bekedi we desgany 2029-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

















