Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow 12–17-nji maý aralygynda Kazan şäherinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2026” forumynyň çäklerinde geçirilýän “Kazan Halal Market” halkara ýarmarkasyndaky Türkmenistanyň pawilýonyna baryp gördi.
Şu ýyl sergä Russiýanyň 11 sebitinden we daşary ýurtlaryň dokuzsyndan 100-e golaý kompaniýa gatnaşýar. Ekspozisiýa “halal” standartlaryna laýyk gelýän önümleriň giň görnüşini öz içine alýar. Bu barada Rustam Minnihanowyň sosial ulgamlarynda habar berildi.
Ozal Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň wekiliýetiniň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine saparynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
“Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” forumy Russiýa Federasiýasy bilen yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdançalaryň biri hasaplanýar.

















