Özbegistan Türkmenistanyň portlarynda gämi flotuny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär

BT
Özbegistan Türkmenistanyň portlarynda gämi flotuny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Özbegistan geljekde dörediljek ýük daşaýan gämi flotuny Türkmenistanyň we Gazagystanyň deňiz portlarynda ýerleşdirmek mümkinçiligine garaýar. Bu başlangyjyň Özbegistana eksport-import ýükleriniň durnukly geçirilmeginiň üpjün edilmegine we üstaşyr ugurlarda ýükleriň daşalmagyna ýardam berer diýlip garaşylýar. Bu barada Upl.uz neşiri habar berdi.

Özbegistan Hazar deňziniň suw giňişliginde işlemek üçin ýük paromlaryny kärendesine almak we satyn almak mehanizmlerini işläp taýýarlamaga başlady. Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň Maýa goýum, senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji orunbasary Şohruh Gulamow taslamany işläp düzmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Şohruh Gulamowyň aýtmagyna görä, Özbegistanyň flotunyň döredilmegi ýurt üçin logistika ulgamynda täze bir ugur açar. Parom gämileriniň gurluşygy ulanmaga berilmezinden bäş-ýedi ýyl öň sargyt edilmegini talap edýändigi sebäpli, kärende mehanizmleri has netijeli çözgüt hökmünde garalýar.

Özbegistanyň we Azerbaýjanyň ulag edaralary 2025-nji ýylyň iýul aýynda Hazar sebitinde gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnama gol çekdiler. Şol ýylyň awgust aýynda bolsa özbek tarapy Türkmenistan bilen gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama baglaşdy.

2022