Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder

BT
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi, (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň çäginde gurulýan “Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi” awtomobil ýoly sagatda 580, bir gije-gündizde bolsa 14 müň awtoulaga hyzmat eder. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Bu ýol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Altyn nesil” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurulýar. Jemi uzynlygy 250 kilometr çemesi bolan awtomobil ýoly 2028-nji ýylda ulanyşa berler.

Habarda bellenilişi ýaly, ýoluň ugrunda sekiz sany awtobus duralgasy, ýangyç guýujy beketleriň birnäçesi, şeýle-de durmuş maksatly desgalaryň ençemesi peýda bolar.

Şeýle hem ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite beton ýol çäkleri arkaly bölüner. Onuň iki tarapynda hem päsgelçiliksiz gorag germewleri gurnalar.

Geçen ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi aralygynda gurulmaly awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy.

2022