Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
“BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek” atly duşuşyk Hytaýyň başlyklyk etmeginde geçirildi.
Raşid Meredow çykyşynda Türkmenistanyň parahatçylygy, ynanyşmagy we öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny dowam etdirýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy “Ösüş arkaly parahatçylyk” başlangyjyna ünsi çekip, onuň parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş bilen baglanyşyklydygyny belledi.
Meredow geçen ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň dowamynda howpsuzlyk, ulag, energetika we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy çykyşynda “Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjyna hem aýratyn üns çekdi.
Şeýle hem Raşid Meredow Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”diýlip yglan edilendigini nygtady.
Meredow Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde 2028-nji ýyly “Halkara hukugy ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy hem öňe sürýändigini belledi.

















