Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşanbe güni Gurban baýramy mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde baýram namazyna gatnaşdy.
“Watan”habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri metjide ýygnananlary mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, baýram günlerinde ediljek doga-dilegleriň hem-de beriljek sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.
Baýram namazyndan soň, ýurduň parahatçylygy, halkyň abadan durmuşy, rysgal-bereketiň artmagy hem-de asudalygyň berkidilmegi ugrunda doga-dilegler edildi.
Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýerleşýän “Märkäw” medeni-dynç alyş merkezinde gurbanlyk sadakasyny berdi. Sadakada Ahal welaýatynyň ymamy çykyş edip, berilýän sadakanyň kabul bolmagyny dileg etdi.
Soňra sadaka gatnaşyjylaryna nahar çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri gurbanlyk sadakasynyň kabul bolmagyny arzuw edip, bu ýerden ugrady.

















