Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 27-nji maýda Nýu-Ýork şäherinde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen duşuşdy. Duşuşyk BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirildi. Bu barada Kristofer Landau çarşenbe güni özüniň “X” sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Kristofer Landau ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň we ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Goruň ýolbaşçylygynda Waşingtonyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýändigini aýtdy.
Şeýle-de ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uly ykdysady we söwda mümkinçiliklerine eýedigini belläp, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormat bolandygyny nygtady.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, Raşid Meredow 26-njy maýda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirilýän “BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek” atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Nýu-Ýork şäherine bardy.

















