Türkmenistan Hytaý bilen bilelikde iri taslamalar, şol sanda tebigy gaz känlerini özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmäge, söwda we ulag arabaglanyşygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Nýu-Ýorkda Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.
“Sinhua” agentliginiň çarşenbe güni habar bermegine görä, Wan I Hytaýyň iki ýurduň Liderleriniň gazanan ylalaşyklaryny durmuşa geçirmäge, esasy taslamalar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi bermäge taýýardygyny belledi.
Taraplar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy we birek-biregiň esasy başlangyçlaryny goldaw bermegi dowan etdirýändiklerini aýtdylar.
Wan I türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Hytaýa amala aşyran saparynyň iki döwletiň Liderleriniň arasynda özara ynamy we dostlugy pugtalandyrandygyny nygtady.
Raşid Meredow öz gezeginde, BMG-niň Tertipnamasyny goldamagyň, şeýle hem ählumumy dolandyryş ulgamyny özgertmegiň we kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, ýurtlar özara ynanyşykly syýasatyny goldaýarlar, ýokary derejeli gatnaşyklary işjeň ösdürýärler we amaly hyzmatdaşlykda durnukly ösüş depginini görkezýärler.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen ýokary derejeli açyk pikir alyşmalara hem gatnaşdy.

















