Türkmenistanda 2026-njy ýylyň bugdaý oragyna badalga berildi

BT
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň bugdaý oragyna badalga berildi
Türkmen ýaşululary 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine ak pata berýärler, 2026-njy ýylyň 3-nji iýuny

Türkmenistanda oba hojalyk möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bugdaý oragy möwsüminiň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäreler Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda geçirildi. Çärelere degişli edaralaryň wekilleri, oba hojalyk işgärleri hem-de ýaşulular gatnaşdylar.

Dabaralaryň dowamynda ýaşulular bugdaý oragyna ak pata berip, möwsüme resmi badalga berdiler. Şeýle hem bol hasyl, halkyň abadançylygy we ýurduň rowaçlygy üçin doga-dilegler edildi. Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl degişli sebitlerde bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Orak möwsümini ýokary derejede geçirmek maksady bilen döwrebap oba hojalyk tehnikalary, ulag-logistika ulgamlary, abatlaýyş toparlary hem-de dänäniň hiline gözegçilik edýän barlaghanalar işe girizildi.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda agrosenagat toplumyny ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup galýar. Bu ugurda pudagy döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Orak möwsümine başlamak baradaky çözgüt ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde makullanypdy. Tassyklanan meýilnama laýyklykda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda orak möwsümi 10-njy iýunda başlanar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022