Balkan welaýatyndaky Uzynada ýatagynda gaz we nebit kondensaty garyndysyny bölmek hem-de daşamak üçin niýetlenen täze desga ulanmaga berildi. Täze desga “Nebitgazçykaryş” trestiniň Ýöriteleşdirilen gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Bu barada “Nebit-Gaz” gazeti sişenbe güni habar berdi.
Täze desganyň işe girizilmegi netijesinde turbageçirijidäki garşylyk basyşy peseldi we guýularyň önüm berijiligi ýokarlandy. Munuň özi ortaça 250 tonna goşmaça nebit çykarmaga mümkinçilik döretdi.
Desga günde 3 million kub metre çenli tebigy gazy hem-de 2 müň tonna nebit kondensaty garyndysyny gaýtadan işlemäge ukyplydyr. Aýrylan gaz täze çekilen 32,3 kilometrlik turbageçiriji arkaly Barsagelmez ýatagyna ugradylyp, ol ýerde gazlift usuly bilen işleýän guýulary ýokary basyşly gaz bilen üpjün etmekde ulanylýar. Geljekde gaz ulgamyny halkalaýyn turbageçirijilere birikdirmek we akymy “Körpeje” gazgysyjy bekedine gönükdirmek hem meýilleşdirilýär.
Uzynada ýatagynda önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şu ýylyň başynda bu ýerde täze guýy ulanyşa girizilip, ondan bir gije-gündizde 91,7 kub metr nebit we gaz kondensaty alyndy. Häzir ýatakda ýene birnäçe guýuda buraw işleri dowam edýär.

















