Türkmenistana üç bölekli täze ýük teplowozlary gelip gowuşdy

BT
Türkmenistana üç bölekli täze ýük teplowozlary gelip gowuşdy
Ýük teplowozy (Surat: TDH)

Türkmenistana Hytaýyň "CRRC Ziyang Co., Ltd" kompaniýasy tarapyndan öndürilen üç bölekli ýük teplowozlary gelip gowuşdy. Bu barada çarşenbe güni "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Aşgabadyň demir ýol menzilinde hünärmenler we ýaşulylar täze demir ýol tehnikasyny milli däp-dessurlara laýyklykda garşyladylar. Hytaýyň bu kysymly demir ýol tehnikasy Türkmenistana ilkinji gezek getirildi.

“Demirýollary” AGPJ bilen "CRRC Ziyang Co., Ltd" kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda Türkmenistana degişli iki bölekli ýük teplowozlarynyň hem düýpli abatlaýyş işleri geçirildi.

Täze üç bölekli teplowozlaryň ýük çekijilik kuwwaty 6300 tonna, abatlaýyş işleri geçirilen iki bölekli teplowozlaryň görkezijisi bolsa 4200 tonna deňdir. Teplowozlaryň her bölegi alty tigir jübütinden ybarat bolup, sagatda 100 kilometre çenli tizlige eýedir we ýörite dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС