Eswatini Patyşalygynda “Aýdyň Gijeler” kompaniýasynyň iki täze kärhanasynyň düýbi tutuldy

BT
Eswatini Patyşalygynda “Aýdyň Gijeler” kompaniýasynyň iki täze kärhanasynyň düýbi tutuldy
“Aýdyň Gijler” kompaniýasynyň we Eswatini Patyşalygynyň wekilleri täze kärhanalaryň düýbi tutulyş dabarasynda. (Surat: "Aýdyň gijeler")

Türkmenistanyň “Aýdyň Gijeler” kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki täze kärhananyň düýbüni tutdy. Dabara kompaniýanyň wekilleri bilen birlikde Eswatininiň Söwda, senagat we söwda ministri Mankoba Khumalo, ministrligiň Baş sekretary Melusi Masuku hem-de Patyşalyk Ylym we tehnologiýa seýilgähiniň wagtlaýyn ýolbaşçysy Madoda Mdziniso gatnaşdy. Bu barada “Aýdyň Gijeler” kompaniýasy sişenbe güni habar berdi.

Täze kärhanalaryň biri bolan “Aýdyň Gijeler Eswatini” ýurduň raýatlary üçin ID kartlaryny we biometrik pasportlary öndürmek hem-de üpjün etmek bilen meşgullanar. “Eswatini Quantum Works” atly ikinji kärhana bolsa infrastruktura we elektrotehniki önümleri öndürer. Bu ýerde elektrik kabellerini, yşyklandyryş sütünlerini, ýol hereketini sazlaýjy yşyklary, ýol belgilerini, ýol gorag päsgelçiliklerini hem-de elektron enjamlaryny öndürmek meýilleşdirilýär.

Hyzmatdaşlygyň başlangyjy 2025-nji ýylyň dekabrynda Eswatininiň Premýer-ministri Folile Dlamini-Şakantunyň Türkmenistana resmi sapary wagtynda “Aýdyň Gijeler” kompaniýasynyň önümçilik desgalaryna baryp görmegi bilen baglanyşykly boldy. 2026-njy ýylyň ýanwar we aprel aýlarynda kompaniýanyň wekiliýeti Eswatinide birnäçe iş saparlaryny geçirip, bazaryň zerurlyklaryny öwrendi hem-de öz önümleriniň nusgalaryny synag üçin hödürledi.

Maý aýynda Abu-Dabide Eswatininiň Patyşasy Mswati III hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Hydyrberdi Abdurahmanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Eswatini Patyşalygynyň raýatlary üçin 1,5 million milli şahsyýetnama kartyny we 500 müňden gowrak biometrik pasporty öndürmek taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bilelikdäki kärhanalary döretmek hem-de önümçilik meýdançasyny ýerleşdirmek üçin kompaniýa 4 gektar ýer bölegini bölüp bermek barada ylalaşyk gazanyldy.

2022