Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow 16–18-nji iýunda Daşkent şäherinde geçirilen bäşinji halkara maýa goýum forumyna (TIIF-2026) gatnaşan türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Forumyň açylyş dabarasyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Albaniýanyň Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň premýer-ministrleri, şeýle hem beýleki döwletleriň hökümet agzalary gatnaşdylar.
Mundan başga-da, foruma ABŞ-nyň işewürlik wekilleri, halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky, Bütindünýä banky, Aziýa Ösüş Banky, Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky, BRICS-iň Täze ösüş banky, Ýewraziýa Ösüş banky we beýleki halkara ösüş institutlary hem bar.

Habarda bellenilişi ýaly, forumyň dowamynda energetika pudagyny ösdürmek, ulag arabaglanyşygy pugtalandyrmak, sanly ykdysadyýeti we emeli aňy ösdürmek, mineral çig mal serişdelerini özleşdirmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem häzirki zaman maliýe mehanizmlerini we maýa goýum gurallaryny kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen wekiliýetiniň foruma gatnaşmagy ýurduň özara bähbitli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga yzygiderli üns berýändigini tassyklaýar.

















