Duşenbe güni TDHÇMB söwdalarynda awtoulag benzinine uly isleg bildirildi

BT
Duşenbe güni TDHÇMB söwdalarynda awtoulag benzinine uly isleg bildirildi
Nebit önümlerini daşamak üçin demir ýol wagonlary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe günündäki söwdalarynda jemi bahasy 45 million 136 müň 680 ABŞ dollaryna deň bolan awtoulag benzinini we nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Owganystan, Türkiýe, Täjigistan, Ukraina döwletleriniň we BAE-niň işewürleri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninde öndürilen “ECO-93” kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar.

Türkiýe döwletiniň işewürleri bolsa ýerli işewürlerden 86 müň 680 ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň duşenbe günündäki söwdalarynda jemi 10 geleşik hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022