BGG Türkmenistanyň gümrük ulgamyndaky özgertmelerine ýokary baha berdi

BT
BGG Türkmenistanyň gümrük ulgamyndaky özgertmelerine ýokary baha berdi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewiň Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary Ian Saunders bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 26-njy iýuny, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) Türkmenistanyň gümrük ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi we guramanyň Sebitleýin okuw merkeziniň netijeli işini goldamak boýunça mundan beýläk hem ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy anna güni habar berdi.

BGG-niň Baş sekretary Ian Saunders Brýusselde geçirilen guramanyň Geňeşiniň 147-nji we 148-nji mejlisleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew bilen bolan duşuşygynda Türkmenistanyň gümrük ulgamynyň işini ýokary bahalandyrdy.

Duşuşygyň dowamynda Maksat Hudaýkulyýew gümrük infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, gümrük nokatlarynyň işini kämilleşdirmek we gümrük dolandyryşynda häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle-de ol Türkmenistandaky BGG-niň Sebitleýin okuw merkeziniň işine ünsi çekip, ýurduň onuň binýadynda guramanyň sebitleýin okuw çärelerini geçirmäge we toplan tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny belledi.

Ian Saunders öz gezeginde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana amala aşyran iş saparyny ýatlady. Saparyň dowamynda ol Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi we ýurduň häzirki zaman ulag-logistika infrastrukturasynyň ösüş derejesi bilen tanyşdy.

Duşuşygyň ahyrynda Maksat Hudaýkulyýew Türkmenistanyň gümrük ulgamyny kämilleşdirmegi, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi we amaly tejribe alyşmagy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022