Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 29-njy iýun – 1-nji iýul aralygynda Ýaponiýada gulluk iş saparynda bolup, 2027-nji ýylyň 19-njy marty – 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçiriljek "GREEN EXPO 2027" halkara bagbançylyk sergisine taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i çarşenbe güni habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti milli pawilýony guramak we dolandyrmak, logistika, Türkmenistanyň milli gününi guramak hem-de sergä gatnaşmak bilen bagly beýleki guramaçylyk meseleleri boýunça geçirilen umumy we panel sessiýalara, duşuşyklara hem-de tanyşdyryş çärelerine gatnaşdy.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji wise-prezidenti T.Suzuki hem-de "GREEN EXPO 2027" halkara bagbançylyk sergisiniň assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary K.Haçiýama bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklarda türkmen-ýapon işewür hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek, 2027-nji ýylda Tokio şäherinde kiçi we orta telekeçileriň gatnaşmagynda türkmen-ýapon işewürler forumyny guramak hem-de Türkmenistanyň "GREEN EXPO 2027 Yokohama" halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmagy bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.
















