Türkmenistan bilen Türkiýe deňiz gatnawlaryny ösdürmek meselelerine garady

BT
Türkmenistan bilen Türkiýe deňiz gatnawlaryny ösdürmek meselelerine garady
Azat Şanazarowyň Abdulkadir Uraloglu bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 2-nji iýuly, Stambul, Türkiýe (Surat: Abdulkadir Uraloglunyň resmi X sahypasy)

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary boýunça döwlet gullugynyň başlygy Azat Şanazarow Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu bilen Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammitiniň çäklerinde duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky deňiz gatnawlaryny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda gämi gatnawlary, port infrastrukturasy hem-de Hazar sebitindäki ulag arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryna hem garaldy. Bu barada Abdulkadir Uraloglu penşenbe güni özüniň X sosial sahypasynda habar berdi.

"Biz deňiz pudagyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň üsti bilen Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrarys" diýip Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministri belledi.

Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammitinde döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň hem-de pudaklaýyn guramalaryň wekilleri deňiz ulaglary, gämi gatnawlary, port infrastrukturasy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlendi.

2022