Gurbanguly Berdimuhammedow Eýranyň Prezidenti we Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhammedow Eýranyň Prezidenti we Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 3-nji iýuly (Surat: TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen gepleşiklerde türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.

Duşuşykda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine üns çekildi. Şeýle hem ýokary derejedäki ynanyşykly dialogyň döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saparyň dowamynda Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen hem duşuşdy. Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirip, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagy dowam etdirmegiň, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Tährandaky Mosalla Ymam Homeýni metjidinde geçirilen matam çäresine hem gatnaşdy. Ol merhum Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň hatyrasyna hormat goýup, gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.

2022