Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy bilen gutlady
Ak tamyň ýanynda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen dabaralar (Surat: Ak tam)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa we ýurduň ähli halkyna ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlag hatynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigi bellenilýär. Şeýle hem türkmen tarapynyň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli dialogy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tagallalaryny dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlagynyň ahyrynda Donald Trampa berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni 1776-njy ýylyň 4-nji iýulynda ýurduň Garaşsyzlyk Jarnamasy esasynda kabul edildi we bu sene her ýyl ýurtda federal baýramçylyk hökmünde bellenilýär. 2026-njy ýylda ýurt bu taryhy wakanyň 250 ýyllygyny belleýär.

2022