Malaýziýany halkara derejede syýahatçylyk ugry hökmünde ilerletmek boýunça jogapkär gurama bolan “Tourism Malaysia” we Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilelikde ilkinji gezek Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri üçin ýöriteleşdirilen seminar gurar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, seminar 2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabatdaky “Arçabil” myhmanhanasynda geçiriler. Çäre Malaýziýanyň syýahatçylyk edarasy tarapyndan Malaýziýany Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynda ilerletmek boýunça ilkinji resmi ädim bolar.
Duşuşygyň dowamynda syýahatçylyk pudagynyň wekilleri Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, häzirki syýahatçylyk önümleri, geljegi uly ugurlar hem-de iki ýurduň arasyndaky howa gatnawlaryny ösdürmegiň täze mümkinçilikleri bilen tanyşarlar.
Şeýle hem seminarda “Tourism Malaysia” tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça strategik meýilnamalar tanyşdyrylar.

















