Türkmen ilçisi "Damen Shipyards" kompaniýasy bilen gämi gurluşygyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BT
Türkmen ilçisi "Damen Shipyards" kompaniýasy bilen gämi gurluşygyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň ilçisi Sapar Palwanowyň “Damen Shipyards” gämi gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 7-nji iýuly (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Niderlandlaryň "Damen Shipyards" gämi gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlaryny, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gämi gurluşyk zawodynda bilelikde gämi gurluşygyny alyp barmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşyk gämi gurluşygy pudagynda dünýäniň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan "Damen Shipyards" kompaniýasynyň baş edarasynda geçirildi. Saparyň çäklerinde ilçi dürli maksatlara niýetlenen häzirki zaman gämileriň gurulýan önümçilik meýdançasy bilen hem tanyşdy. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Deňiz düýbüni çuňaltmak işleri babatdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek  meselesi gepleşikleriň esasy ugurlarynyň biri boldy. Duşuşykda "Damen Shipyards" kompaniýasynyň bu ugurda uly amaly tejribä eýedigi hem-de bu ugur boýunça Türkmenistan bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk taryhynyň bardygy bellenildi.

Sapar Palwanow Türkmenistanyň deňiz infrastrukturasyny ösdürmäge, port kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmaga we ulag-logistika arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Niderlandlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk alyp barmaklyga halkara tejribäni öwrenmekligiň, döwrebap tehnologiýalary we maýa goýumlaryny çekmegiň möhüm guraly hökmünde garalýar.

Duşuşygyň dowamynda ilçi türkmen tarapynyň türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýän iri niderland kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda işewürlik çärelerini guramagy meýilleşdirýändigini hem aýtdy. Bu çärelere "Damen Shipyards" kompaniýasynyň wekilleri işjeň gatnaşmaklyga çagyryldy.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar gämi gurluşygy, port düzümini ösdürmek we deňiz tehnologiýalary ulgamlarynda dialogy dowam etdirmäge hem-de amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022