Ýanwar-iýun: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 9 milliard manatdan geçdi

BT
Ýanwar-iýun: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 9 milliard manatdan geçdi
Raýatyň bank kartyny bankomata salýan pursady

Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2026-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 9 milliard 45 million 806 müň manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 7 milliard 104 million 222 müň 304 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 1 milliard 512 million 61 müň 279 manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 50 million 134 müň 264 manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 245 million 386 müň 415 manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 4 million 471 müň 245 manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 129 million 530 müň 541 manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

2022