Türkiýäniň şu ýylyň ilkinji alty aýynda türki döwletleri – Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Gyrgyzystan bilen daşary söwda dolanyşygy 9,4 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada Türkiýäniň Statistika institutynyň (TÜİK) maglumatlaryna salgylanyp, Türkiýäniň resmi metbugaty “Anadolu Ajansı” habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Türkiýeden türki döwletlerine 5 milliard ABŞ dollarlyk haryt eksport edildi, bu ýurtlardan bolsa 4,4 milliard ABŞ dollarlyk haryt import edildi.
Türkiýäniň türki döwletlerine eksporty Gazagystana 1,5 milliard, Azerbaýjana 1,4 milliard, Özbegistana 945,6 million, Gyrgyzystana 594,4 million we Türkmenistana 583,6 million ABŞ dollary möçberine deň boldy.
Soňky ýyllarda Türkiýe türki döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygyny söwda bilen bir hatarda energetika, ulag-logistika, senagat, oba hojalygy we gurluşyk ýaly ugurlarda hem ösdürýär.
Mundan ozal, 2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanda geçirilen Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisinde Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2025-nji ýylda 2,2 milliard ABŞ dollaryna barabar bolandygyny belläpdi.

















