“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna dört sany häzirki zaman “Sitrak ZZ4406 V395 ME” kysymly ýük çekiji ulag gelip gowuşdy. Bu barada “Nebit-gaz” gazeti duşenbe güni habar berdi.
Täze ulaglar korporasiýanyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga hem-de geologiýa pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Döwrebap ýük çekiji ulaglaryň ulanmaga berilmegi geologiýa pudagynyň tehniki üpjünçiligini has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen işleriň nobatdaky tapgyry boldy.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Türkmenistanda nebit, gaz we beýleki ýerasty baýlyklary gözlemek, geologik barlag işlerini geçirmek hem-de mineral çig mal gorlaryny öwrenmek boýunça işleri amala aşyrýar.

















