Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän gaz känindäki 04 belgili ulanyş guýusyndan senagat ähmiýetli kükürtsiz täze gaz akymy alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Türkmen gazçylarynyň 2916 metr çuňlukda geçiren buraw işleriniň netijesinde, ýer astyndaky 2860 – 2858 metr aralykdaky gatlaklardan gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak arassa metan gazyndan ybarat tebigy gaz akymy alyndy.
Täze tebigy gaz akymynyň alynmagy ýangyç-energetika toplumynda uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak we önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde amala aşyryldy.
Mundan öň “Marygazçykaryş” müdirliginiň buýurmasy esasynda “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň hünärmenleri “Galkynyş” gaz käniniň 264 belgili ulanyş guýusyndan täze gaz akymyny alypdyrlar. Guýuda 4 müň metrden gowrak çuňlukda buraw işleri geçirilip, önümli gatlagyň 3852 – 4011 metr aralygy özleşdirildi, netijede bir gije-gündizdäki çykymy 2 million 240 müň kub metre deň bolan gaz akymy alyndy.

















