Jon Defterios OGT 2026-nyň Baş halkara moderatory bolar

BT
Jon Defterios OGT 2026-nyň Baş halkara moderatory bolar
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly 29-njy halkara maslahaty, 2024-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary halkara žurnalist we ykdysadyýet boýunça seljeriji Jon Defteriosyň forumyň Baş halkara moderatory boljakdygyny mälim etdiler. Bu barada çäräniň guramaçysy “Türkmen Energy Forum” (TEF) habar berdi.

“Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.” şygary astynda geçiriljek OGT 2026 maslahaty 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde ýokary derejede guralar.

Jon Defterios energetika, dünýä ykdysadyýeti, halkara söwdasy we geosyýasat boýunça 35 ýyldan gowrak tejribä eýedir. Ol ozal “CNN Business” teleýaýlymynda ösüp barýan bazarlar boýunça redaktor we alyp baryjy wezipesinde işledi, şeýle hem “Reuters Television” we “PBS Television” bilen hyzmatdaşlyk etdi. Şeýle-de ol Bütindünýä Ykdysady Forumy, OPEK seminarlary, ADIPEC we Atlantic Council tarapyndan guralýan Bütindünýä energetika forumy ýaly iri halkara çärelerde moderatorlyk etdi. Häzirki wagtda Jon Defterios Nýu-Ýork uniwersitetiniň Abu-Dabidäki bölüminiň biznes professory hem-de “APCO Worldwide” kompaniýasynyň uly strategik geňeşçisi bolup işleýär.

“OGT 2026-da Baş halkara moderator hökmünde çykyş etmek meniň üçin uly hormat. Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleri hem-de öňdebaryjy halkara energetika kompaniýalary bilen barha giňeýän hyzmatdaşlygy netijesinde dünýä energetika ulgamynda möhüm strategik orny eýeleýär” diýip, Jon Defterios belledi.

Häzirki wagta çenli OGT 2026-nyň ähli sergi meýdançalary dolulygyna satylyp, maslahata hasaba alnan wekilleriň sany 150-den geçdi. Guramaçylar munuň halkara kompaniýalaryň Türkmenistanyň energetika pudagyna ýokary gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasydygyny aýtdylar.

Sergide geologiýa-gözleg, nebitgaz çykarylyşy, taslama düzmek, nebitgaz hyzmatlary, senagat enjamlary, awtomatlaşdyryş, sanly tehnologiýalar we logistika ugurlarynda işleýän kompaniýalar öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrarlar.

Maslahatyň gün tertibinde “Galkynyş” gaz ýatagy bilen bagly maýa goýum taslamalary, Hazar deňziniň türkmen bölegi, önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, gazy gaýtadan işlemek, sanlylaşdyrmak, emeli aň we metan zyňyndylaryny azaltmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem B2G we B2B görnüşindäki duşuşyklar forumyň möhüm bölegi bolar.

Häzirki wagtda OGT 2026-a gatnaşjak wekiller üçin hasaba alyş işleri dowam edýär.

2022